Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Eýrana S-300 raketa sistemasyny bermez


Orsýet Eýrana S-300 raketa sistemasyny bermez, sebäbi ol şu ýylyň iýun aýynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Eýrana garşy kabul eden sanksiýasynyň täsirine düşýär diýip, şu gün Orsýetiň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy Nikolaý Makarow aýtdy.

Iki ýyl mundan öň baglaşylan köp milliardlyk kontraktyň ýatyrylyp-ýatyrylmajakdygy barada Makarow hiç zat aýtmady.

Mundan öň Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow S-300 raketa sistemasyny Eýrana bermäge BMG-niň sanksiýasynyň täsir ýetirmejekdigini aýdypdy.
XS
SM
MD
LG