Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täjigistanyň harby güýçleri operasiýa geçirýärler


Çarşenbe güni Täjigistanyň harby güýçleri ýurduň gündogar regionynda ýakynda ýaragly söweşijileriň amala aşyran hüjümlerine jogap edip, harby operasiýany ýola goýdular.

Dört gün mundan öň Täjigistanyň gündogaryndaky daglyk raýonda ýaragly söweşijileriň amala aşyran hüjümleriniň netijesinde 25 esger öldi.

Täjigistanyň howpsuzlyk gullugynyň bir resmisi düýn «Roýter» habar agentligine beren interwýusynda bu harby operasiýanyň Raşt regionynda gizlenýän ozalky söweşjeň oppozisiýa toparlaryna garşy ýola goýlandygyny aýtdy.

Düýn giçlik bolsa, ýurduň Içeri işler ministrligi Täjigistanyň ozalky söweşjeň oppozisiýa lideri Mirzahoja Ahmadowyň söweşijilerinden azyndan bäşisiniň öldürilendigini habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG