Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Federasiýasy Graždan kodeksini üýtgedýär


Orsýet özüniň Bütindünýä söwda guramasyna girmegni aňsatlaşdyrmak üçin ýurduň Graždan kodeksine düzedişleri tassyklady. Bu düzedişler intellektual emlägiň we awtorluk hukuklaryň goragyny güýçlendirmeli.

Orsýetiň Federasiýa geňeşiniň internet saýtynda ýazylmagyna görä, Orsýetiň parlamentiniň ýokarky palatasynda tassyklanan düzedişler rus kanunçylygyny Bütindünýä söwda guramasynyň düzgünleriniň talabyna golaýladýar.

Orsýetiň Itar-Tass habarlar gullugy bu kanunyň heniz gowuşgunsyzdygyny aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG