Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi 19 ýaşady


Şu gün Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Milli howpsuzlyk ministrliginiň döredilmeginiň 19 ýyllygy mynasybetli bu ministrligiň işgärlerine gutlag haty bilen ýüzlendi.

Bu ýüzlenmesinde ol Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň türkmeniň gadymy milli gahrymanlary bolan Baýram hanyň, Togrul begiň, Çagry begiň, Görogly begiň, Alp Arslanyň, Gökdepe söweşiniň we Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň edermenliklerinden nusga aljakdyklaryna ynýandygyny belläpdir.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň köp ýaşaýjylary we synçylary raýatlaryň syýasy erkinligini hem-de söz azatlygyny bogmakda ýurduň Milli howpsuzlyk gulluklarynyň döwlet häkimiýetiniň repressiw guraly hökmünde iş alyp gelýändiklerini aýdyp, bu ýagdaýy tankyt edýärler.
XS
SM
MD
LG