Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täjigistanda bolan uçar heläkçiliginde 26 adam öldi


Täjigistanyň Milli howpsuzlyk gullugyna degişli bir dikuçaryň düýn heläkçilige uçrandygy habar berildi.

Ýurduň Raşt etrabynda bolan şol wakada Milli Howpsuzlyk Komitetiniň 22 işgäri bilen bir hatarda dikuçaryň 4 ekipažy hem heläk bolupdyr.

Täjigistanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň metbugat wekili Sodik Şehow Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda “deslapky derňewler bu waka tehniki näsazlygyň sebäp bolanlygyny görkezýär” diýdi.

Ol bu heläkçilikde ýaralanan dört adamyň hem keselhana ýerleşdirilenligini belledi. Munuň özi soňky bir aýyň dowamynda Raşt etrabynda bolan uly ýitgili ikinji wakadyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG