Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Senaty kontraktlar barada alada bildirýär


Owganystanda howpsuzlyk we gorag boýunça iş alyp barýan ýerli hususy şirketler bilen baglaşylýan kontraktlar boýunça göýberilýän serişdeler kähalatlarda Talybanlaryň we meýdan komandirleriniň eline düşýär.

Bu piker ABŞ-nyň Senatynyň harby meseleler boýunça komiteti tarapyndan geçirilen derňewleriň netijesinde çap edilen raportda öňe sürülýär.

Bu raportda, aýratynam, howpsuzlygy üpjin etmek boýunça Owganystanda kontrakt berlen käbir ýerli guramalaryň geçmişi barada Waşingtonyň ýeterlik derňew geçirmänligi aýdylýar.

Bu mesele bilen bagly raportda anyk bir mysal hem getirilip, şeýle diýilýär: “ABŞ-nyň howa güýçleri Owganystandaky bir howa bazasynyň howpsuzlygyny üpjin etmek wezipesini düýbi Britaniýadaky G4S atly şirketiň ýerli kömekçi kompaniýalaryndan birine tabşyrypdyr. Bu ýerli şirket bolsa, şol bazany goramak üçin ýerli meýdan söweşijilerinden peýdalanýar eken”.

Raportda bu meýdan söweşijileriniň arasynda Talybanlary goldaýanlaryň hem bardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG