Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nobel parahatçylyk baýragynyň eýesini boşatmaga çagyrýarlar


BMG-niň adam hukuklary ekspertleriniň dördüsi şu gün Hytaýy Nobel parahatçylyk baýragynyň eýesi Lýu Ksiobany azat etmäge çagyrdy.

Olar onuň batyrgaý hukuk goraýjydygyny we adam hukuklaryna hormat goýmagy yzygider, parahatçylykly ýol bilen wagyz edendigini aýtdylar.

Lýu häzir 2008-nji ýylda çap edilen «Düzgünnama 08-e», Hytaýda giň reforma geçirlmegine çagyrýan dokumente ilteşigi üçin 11 ýyl türme tussaglygynda otyr.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama, Ýewropa Bileleşigi we birnäçe ýewropa ýurdy eýýäm onuň boşadylmagyna çagyryp çykyş etdi.
XS
SM
MD
LG