Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Dohada


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Katar döwletiniň paýtagty Doha geldi.

Saparyň dowamynda Kataryň emiri Hamad Bin Halif Al Tani bilen ýokary derejede duşuşyk geçirilmegine we strategiki ugurlaryň ählisi boýunça döwletara dokumentlerine gol çekilmegine garaşylýar.

Şeýle hem Kataryň halkara hyzmatlaşlyk boýunça döwlet ministri Halid Bin Mohammed Al Attiýa düýn Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy.

Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar döwletine etjek resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada gürrüň edildi.

Bu duşuşyga Daşary işler ministrliginiň resmileriniň hem bir topary gatnaşdy diýip, Kataryň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG