10-njy oktýabrda Gyrgyzystanda geçirilen parlament saýlawlaryny ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama gutlady we şol saýlawlaryň hakyky demokratik alamatlary görkezendigini aýtdy.
ÝHHG-niň synçylar missiýasy saýlawlar kampaniýasynyň açyk bolandygyny, köp partiýadan dürli kandidatlaryň gatnaşandygyny belledi.
ÝHHG-niň synçylar missiýasynyň koordinatory Morten Hogland şeýle diýdi: “10-njy oktýabrda parlament saýlawlary asuda we parahatçylykly ýagdaýda geçdi. Gyrgyzystanyň häkimiýetleri ÝHHG-niň öňünde boýun alan borçlaryna bap geler ýaly ses berişligi demokratik standartlara ýakyn etmäge çalşandyklaryny görkezdiler”.
Deslapky maglumatlara görä, parlamentde bäş partiýa orun almak başardypdyr.
Bu saýlawlar şu ýylyň iýun aýynda ýurduň günortasynda gyrgyzlar bilen özbekleriň arasynda ýüze çykan etnigara çaknyşyklardan birnäçe aý soň geçirildi. Şol çaknyşyklarda ýüzlerçe adam ölüp, müňlerçesi öýlerinden mahrum bolupdy.