Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran amerikan iş adamsyny tussaglykdan boşadýar


Eýran häkimiýetleri amerikan biznesmenini türmeden boşatdy. Ol iki ýyl gowrak mundan öň Tähranda, zorlukly oppozisiýa topary bilen gatnaşygy bar diýlip saklanypdy.

71 ýaşly Reza Tahawiniň aklawçysy Piýer Prosper öz müşderisiniň hiç bir günäni boýun almandygyny aýdýar.

Tahawiniň Birleşen Ştatlara indiki hepdäniň bir güni dolanmagyna garaşylýar.

Eýran Tahawini Tondar atly oppozisiýa topary bilen ilteşikli adama 200 müň dollar nagt pul geçirmekde aýyplapdy.

Tahawi bu puly bir mätäç adama berilýän peşgeş diýip geçirendigini aýdýar.

Birleşen Ştatlaryň ABS telekanaly eýran häkimiýetleri ahyry Tahawiniň sözlerine ynanan bolarly diýýär.

Birleşen Ştatlaryň döwlet departamentiniň sözçüsi Noel Kleý Waşingtonyň Tahawiniň Ewin türmesinden boşadylmagyny gutlandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG