Moldowanyň wagtlaýyn baştutany Mihaý Gimpu Pridnestrowiýeden ors goşunlarynyň çykarylmagyna aýak direýär.
Bu barasynda ol düýn Orsýetiň goşunlarynyň durumy-statusy hem çykarylmaly möhletleri barasynda Orsýet bilen Moldowanyň arasynda 1994-nji ýylda gol çekilen ylalaşygyň ýyl dönümi bilen bagly aýtdy.
Gimpunyň sözlerine görä, bu ýerde ors goşunlarynyň saklanmagy Pridnestrowiýedäki konflikti kadalaşdyrmak boýunça halkara tagallalaryny puja çykarýar.
Gimpu goşunlaryny üç ýylyň içinde çykarmak baradaky Orsýetiň bojuny-da ýatlatdy.