Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Howpsuzlyk geňeşi Garaşsyzlyk gününe taýýarlygy maslahatlaşdy


Şenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme maslahatyny geçirdi.

Maslahat Aşgabat serhet otrýadynyň «Bagyr» serhet berkitmesinde boldy. Berdimuhamedow bu ýere täze obýektleri açmaga barypdy.

Prezident Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hasabatlaryny diňledi. Hususan-da garaşsyzlyk baýramçylygyna, şol sanda harby parada görülýän taýýarlyk barada gurrüň edildi.

Prezident kanun goraýjy gulluklaryň başlyklaryna ýüzlenip, baýramçylyk günleri tertip-düzgüni berk goramaga çagyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG