Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hodorkowskiý sud prosesinde özüniň günäsizdigini aýtdy


Düýn orsýetli milliarder Mihail Hodorkowskiý özüne garşy gozgalan ikinji jenaýat işi boýunça dowam edýän sud prosesinde özüniň günäsizdigini öňe sürüp, çykyş etdi.

Ol sudy özüne 14 ýyl türme tussaglygynyň berilmegi barada prokuraturanyň eden talaplaryny ret etmeklige çagyrdy.

Mihail Hodorkowskiý 2003-nji ýylda salgyt galplyklarynda aýyplanylyp, 8 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Onuň bu tussaglyk möhletiniň tamamlanmagyna bir ýyl töweregi wagt galdy.

Ýöne Orsýetiň prokuraturasy tarapyndan täze gozgalan jenaýat işi boýunça günäli tapylan halatynda, onuň azyndan 2017-nji ýyla çenli tussaglykda oturmagynyň mümkindigi aýdylýar.

Käbir synçylar Mihail Hodorkowskiniň tussag edilmegini syýasy matlaplar bilen baglanyşykly çäre diýip hasaplaýarlar.
XS
SM
MD
LG