Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Musulman aýal deputaty pyçaklap tussag edildi


Britaniýaly musulman aýal britan syýasatçysyny öldürmäge synanyşany üçin ömürlik tussag edildi.

21 ýaşly student Roşonara Çoudry syýasatçydan Yrak urşuna ses bereni üçin ar almak isläpdir. Ol ozalky Hazyna ministri Stefen Timmsi garnyndan iki gezek pyçaklapdyr.

Bu waka maý aýynda, Londonyň günortasynda bolupdyr. Ol aýal tussag edilenden soň polisiýa Timmsi 2003-nji ýylda Yragyň basylyp alynmagyna ses bereni üçin öldürmek isländigini aýdypdyr.

Ol günäkär diýlip bilindi we azyndan 15 ýyl türmede saklanar.
XS
SM
MD
LG