Penşenbe güni dünýäniň iň uly uçarlarynyň biri adatdan daşary ýagdaýda Singapuryň aeroportyna gondy. “Qantas” howa gullugyna degişli bolan “Airbus A380” kysymly bu uçarda dörän tehniki näsazlyklar ony gonmaga mejbur etdi.
Bu ýagdaý barada “Qantas” Howa gullugynyň başlygy Alan Joýs şeýle diýdi: “Biz bu ýagdaý doly derňelýänçä “Airbus A380” kysymly uçarlarymyzyň ählisiniň gatnawyny wagtlaýynça togtadýarys. Bu ýagdaý biziň howa gullugymyzyň talap edýän howpsuzlyk çäreleriniň ählisi üpjün edilýänçä dowam eder”.
Resmileriň aýtmagyna görä, uçaryň içinde 460 sany ýolagçy we ekipaž agzalary bar eken. Bu uçar Singapur-Sidneý marşruty boýunça uçuş edýän wagty onda tehniki näsazlyk döredi.
Awstraliýa howa gullugynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, uçaryň içindäki ýolagçylaryň hiç birine şikes ýetmedi.
“Airbus A380” kysymly uçarlar iki gatly bolup, olar dünýäniň iň uly ýolagçy uçarlarydyr.