Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri parlamentinde Alyýewiň partiýasy 70-den gowrak orun alar


Ali Kerimli
Azerbaýjanyň parlamentine ýekşenbe güni geçirilen saýlawlaryň netijelerine laýyklykda, prezident Ylham Alyýewiň ýolbaşçylyk edýän “Ýeni Azerbaýjan” partiýasy sesleriň ýarsyndan köpüsini almagy başarypdyr.

Azerbaýjanyň merkezi saýlaw komissiýasynyň berýän maglumatlaryna görä, sesleriň 90%-i eýýäm sanalypdyr. Şolaryň netijesine görä, ýuduň parlamentiniň 125 ornunyň 70-den gowragy “Ýeni Azerbaýjan” partiýasynyň wekillerine degişli.

Emma oppozisýa wekilleri saýlawlaryň dowamynda köp sanly bidüzgünçilikleriň bolandygyny nygtaýarlar.

“Azerbaýjanyň milli fronty” oppozision partiýasynyň başlygy Ali Kerimli Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda bu barada şeýle diýdi: “Bu adamlarda jogapkärçilik we dogruçyllyk duýgusy galmandyr. Bular dünýäde hiç kimiň etmeýän işlerini edýärler. Bu howply ýol Azerbaýjany betbagtçylyga elter. Bu Ylham Alyýewiň jogapkärçiligi ýitirendigini görkezýär. Men Azerbaýjan halkynyň birleşip oňa öz borçlaryny ýatlatjakdygyna umyt edýärin”.
XS
SM
MD
LG