Türkmen mediýasy şu gün Aşgabatda Täjigistanyň medeni günleriniň başlanýandygyny habar berýär.
Onuň açylyş dabarasy Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde bolar. Ol ýerde iki ýurduň sungat ussatlary ilkinji konsert bilen çykyş ederler.
Täjigistanyň medeni günleriniň çäklerinde 12-nji noýabrda Türkmenistanyň şekillendiriş sungat muzeýinde Täjigistanyň sungat sergisi gurnalar. Şonuň ýaly-da, “Türkmenistan” kino-konsert merkezinde täjik kinosynyň günleri bolar.
Aşgabatdaky Alp-Arslan adyndaky milli ýaşlar teatrynda Täjigistanyň “Lahuti” adyndaky döwlet akademiki drama teatrynyň oýny hem görkeziler.
13-nji noýabrda bolsa, Türkmenistanyň we Täjigistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki gala konserti bilen Täjigistanyň medeni günleri tamamlanar.
Bu medeni günleri geçirmek barada prezidentler Berdimuhamedowyň we Rahmonyň duşuşygy wagtynda ylalaşylypdy.