Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talabany ikinji gezek Yragyň prezidenti wezipesine saýlandy


Yragyň parlamenti penşenbe güni geçiren mejlisinde prezident Jalal Talabanyny ikinji gezek bu wezipä saýlady. Bu baradaky ses berişlige Yragyň sünni gatlagyndan saýlanan deputatlar gatnaşmadylar.

Talabanynyň prezident saýlanmagy hökümet gurmak boýunça sekiz aýdan bäri dowam edýän çekeleşigi tamamlamak üçin sýyasy partiýalaryň arasynda gelnen ylalaşygyň bir bölegi bolup, şol ylalaşykda premýer-ministr Nury al-Malikiniň hem öz wezipesinde galmagy göz öňünde tutulýar.

Al-Malikiniň täze hökümet gurmaga 30 gün wagty bar.

Sünniler tarapyndan goldanylýan al-Irakiýýa blogy prezident saýlamak boýunça ses berişlik geçirilmezden ozal öňki prezident Saddam Hüseýniň partiýasyny ýatyrmak boýunça planyň goýbolsun edilmegini talap etdi. Emma, talaplary ret edilenden soň, olar parlamenti terk etdiler.

Parlament olaryň ýokdugyna garamazdan öz işine dowam etdi. Şol mejlisde Jalal Talabany prezident we sünni ýolbaşçy Osama An Najafi bolsa parlamentiň ýolbaşçysy wezipesine saýlandy.

Irakiýýa blogunyň ýolbaşçysy we öňki premýer-ministri Allawynyň bolsa Yragyň strategiki sýyasatyna gözegçilik etjek täze Geňeşe ýolbaşçy saýlanmagyna garaşylýar.

Hökümeti saýlamak baradaky ses berişlik birnäçe gün dowam eder, sebäbi täze hökümetde kim haýsy orny eýelemeli diýlen meselede henizem koalision toparlaryň arasynda anyk ylalaşyk ýok.
XS
SM
MD
LG