Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karaçidäki hüjümiň jogapkärçiligini Talyban boýun aldy


Talyban Päkistanyň Karaçi şäherindäki howpsuzlyk güýçleriniň edarasyny weýran eden hüjümi özleriniň amala aşyranlygyny boýun aldy.

Penşenbe güni bolan şol wakada azyndan 15 adam heläk bolup, 100 töweregi adam ýaralandy. Howpsuzlyk güýçleriniň aýtmagyna görä, hüjümçiler ilki başda şol merkezi uzakdan nyşana alyp, soňra partlaýjy madda ýüklenen maşyn arkaly hüjüm edipdirler.

Hüjüm edilen edara Karaçiniň iň ösen etraplarynyň birinde bolup, ABŞ-nyň Konsulhanasy hem şol etrapda ýerleşýär. Hüjümde weýran edilen bina tussag edilen gozgalaňçylaryň we jenaýatçylaryň saklanýan ýeri diýlip bilinýär.

Bu binaniň içinde näçe şübheli gozgalaňçynyň bolanlygy barada häzirlikçe takyk maglumat ýok.

Päkistanyň tire-taýpalar regionynda ýerleşýän Tahrik-i-Talyban atly toparyň wekilleri şol hüjümüň özleri tarapyndan amala aşyrylanlygyny boýun aldylar.
XS
SM
MD
LG