Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“WikiLeaks” ABŞ-nyň gizlin diplomatik maglumatlaryny köpçülige aýan etdi


“WikiLeaks” internet saýtynyň Birleşen Ştatlaryň gizlin diplomatik maglumatlaryny köpçülige aýan etmegi Waşingtonyň gaharyny getirdi.

Ak Tam tarapyndan ýaýradylan beýanatda: “Bu maglumatlaryň Birleşen Ştatlaryň diplomatik we aňtaw gulluklarynyň işgärlerine ýa-da agyr şertlerde ýaşýan we Birleşen Ştatlardan erkin jemgyýet üçin kömek soran adamlara howp abandyrmagy mümkin” diýilýär.

“WikiLeaks” saýtynyň ýaýradan maglumatlarynda görkezilmegine görä, arap döwletleriniň käbir ýolbaşçylary, şol sanda Saud Arabystanyň patyşasy Abdylla Birleşen Ştatlardan Eýrana hüjüm etmegi we onuň ýadro programmasyny togtatmagy sorapdyrlar.

“2006-njy, 2007-nji ýyllarda Eýrana garşy uruş başlanmagynyň uly howpy döräpdi. Munuň amala aşmadygynyň bir sebäbi - biziňki ýaly uly mukdarda bolmasa-da - käbir maglumatlaryň syzyp çykmagy boldy” diýip, “WikiLeaks” saýtynyň esaslandyryjysy Julian Assanj aýtdy.
XS
SM
MD
LG