Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý “WikiLeaks” saýtynyň maglumatlaryna seslendi


Şu gün Hytaý Birleşen Ştatlary “WikiLeaks” saýtynyň gizlin diplomatik telegrammalaryny köpçülige aýan etmegi bilen bagly wakalara “talabalaýyk çemeleşmäge” çagyrdy.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Hong Lei bu waka bilen bagly Hytaýyň Birleşen Ştatlar bilen gatnaşyklarynda näsazlygyň döremegini islemeýändigni aýtdy.

“Hytaý degişli maglumatlar bilen baglylykda öz belliklerini etdi. Şeýle-de, biz Birleşen Ştatlaryň bu meseleleri talabalaýyk çözjekdigine umyt edýäris. Biz ýaýradylan maglumatlaryň mazmunyny teswirlemekden saklanarys” diýip, Hong Lei belledi.

Syzyp çykan maglumatlarda aýdylmagyna görä, Hytaý Demirgazyk Koreýa özüniň doly bähbitli ýarany hökmünde garamaýandygyny, şeýle-de bu ýurt ýykgynçylyga uçrasa özüniň goşulmajykdygyny hem aýdypdyr.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton diplomatik maglumatlaryň ýaýradylmagyny “halkara jemgyýetçiligine edilen hüjüm” diýip häsiýetlendirdi.
XS
SM
MD
LG