Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«WikiLeaks» saýtyny esaslandyryja garşy höküm çykaryldy


Şu gün Şwesiýanyň ýokary sudy «WikiLeaks» internet saýtyny esaslandyryjy Julian Assanjy tussag etmek barada karar çykardy. Julian Assanja iki zenany zorlamakda aýyplama bildirilýär.

Şu gün sud Assanjyň özüniň günäkär däldigi barada şikaýat arzasyny kabul etmekden ýüz öwürdi.

Julian Assanj bu aýyplamalary Yrak we Owganystan barada gizlin harby dokumentleri, şeýle-de Birleşen Ştatlaryň diplomatik telegrammalaryny ýaýradanlygy üçin özüne garşy alnyp barylýan töhmet kompaniýasynyň bir bölegi diýip atlandyrýar.

Interpol hem Assanjy gözlenýän adamlaryň sanawyna goşdy. 39 ýaşly Julian Assanjyň häzir nirededigi belli däl.
XS
SM
MD
LG