Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Atom agentligi Wenada iki günlük maslahat geçirýär


Düýn Wenada BMG-niň Atom energiýasy boýunça agentliginiň iki günlük maslahaty öz işine başlady. Maslahatyň baş temasy Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly.

8 ýyllyk barlaglardan, gözegçiliklerden soň hem Atom agentligi Eýranyň ýadro programmasynyň hakyky ugruny anyklap bilmedi.

Tähran öz programmasynyň diňe parahatçylykly maksatlara gönükdirilendigini tassyklaýar. Halkara jemgyýetçiligi bolsa Eýranyň gizlin ýadro ýaraglarynyň üstünde işleýän bolmagynyň mümkindiginden howatyrlanýar.

6-7-nji dekabrda Ženewada Eýran bilen dünýä döwletleriniň altysy, ýagny, Beýik Britaniýa, Hytaý, Orsýet, ABŞ, Fransiýa we Germaniýa arasynda Eýranyň ýadro programmasy boýunça gepleşikleriň täze tapgyry geçiriler.
XS
SM
MD
LG