Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Brýusselde Ýewropa Bileleşigi bilen Orsýetiň sammiti bolar


Şu gün Brýusselde Ýewropa Bileleşigi bilen Orsýetiň sammiti bolar. Oňa gatnaşmak üçin Belgiýanyň paýtagtyna Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew hem barar.

Gepleşikleriň baş temasy Orsýetiň Dünýä söwda guramasyna girmek perspektiwalary bolar diýlip garaşylýar. Bu maslahatda Orsýetiň Dünýä söwda guramasyna girmegine Ýewropa Bileleşigi resmi goldaw bermegi mümkin diýlip çaklanylýar.

Dmitriý Medwedew Brýussele Warşawadan barýar. Ol düýn Warşawada Polşanyň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirdi. Bu saparyň barşynda syýasy, ykdysady we medeni ugurlar boýunça ençeme ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekildi.
XS
SM
MD
LG