Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Päkistandaky harby baza edilen hüjümde 2 adam öldi


Päkistanyň howspuzlyk gulluklarynyň berýän maglumatlaryna görä, düýn ýurduň Mohmand etrabyndaky harby baza edilen hüjümde 2 adam ölüp, 6 adam ýaralanypdyr. Bu hüjümiň arkasynda Talyban söweşejileirniň durandygy gümän edilýär.

Mohmand etraby Päkistanyň Owganystan bilen serhedinde ýerleşýär we ol ýerde ýurduň harby güýçleri Al-Kaýda bilen gatnaşygy bolan talyp söweşejilerine garşy operasiýalary geçirýärler.

6-njy dekabrda bu etrapda janyndan geçen adamlaryň amala aşyran iki partlamasynda 43 adam ölüpdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG