Düýn Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Sergeý Iwanow ýurduň bu ýyl ýarag satmakda täze postsowet rekordyny goýjagyny aýtdy.
Sergeý Iwanowyň sözlerine salgylanmak bilen, Orsýetiň habar serişdeleri şu ýyl Orsýetiň ýarag eksportynyň 10 milliard dollara ýetjekdigini ýazýarlar.
Orsýetiň ýarag söwdasy soňky 11 ýyl bäri ösüşi görkezýär. Geçen ýyl Orsýet 8.5 milliard dollarlykdan gowrak ýarag satypdy. Iwanow häzirki wagt Orsýetiň daşary ýurtly alyjylaryndan 45 milliard dollardan hem geçýän täze ýarag haýyşlarynyň bardygyny mälim etdi.