Düýn orsýetli şahyrlaryň, aktýorlaryň we adam hukuklaryny goraýjylaryň bir topary prezident Dmitriý Medwedewe açyk hat ýollady.
Olar prezident Medwedewden häzir tussaglykda saklanýan, orsýetli tanymal biznesmen Mihail Hodorkowskini goramaga çagyrdylar.
Orsýetiň iň baý adamlaryndan biri Mihail Hodorkowskiý salgyt galplyklarynda aýyplanyp, häzir 11 ýyl türme tussaglygynda saklanýar.
Häzir ol millionlarça tonna nebit ogurlamakda hem aýyplanyp, ikinji gezek sud hökümine garaşýar. 16-njy dekabrda yglan edilmeli bu höküm 27-nji dekabra çenli gaýra süýşürildi.
Belli şahyr Wladimir Strugatskiý hem bu açyk hata gol goýanlardan biri. Ol Wladimir Putiniň Hodorkowskiý barada eden öňňinki çykyşyny “suda edilýän kabul edip bolmajak basyş” diýip häsiýetlendirdi.
Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin Mihail Hodorkowskini “ogry” diýip häsiýetlendiripdi. Şeýle-de, ol “ogrular türmede oturmaly” diýip, sözüne goşupdy.