Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Günorta Koreýa serhet ýakalarynda täze harby türgenleşikleri geçirer


Şu gün Günorta Koreýanyň resmileri ýer we deňiz harby türgenleşikleriniň täze tapgyryny geçirjekdiklerini mälim etdiler. Bu türgenleşikler Demirgazyk Koreýanyň serhediniň golaýynda geçiriler.

Resmileriň berýän maglumatlaryna görä, şu gün Demirgazyk Koreýanyň deňiz serhediniň 100 kilometr töweregi golaýynda alty harby gäminiň gatnaşmagynda deňiz türgenleşikleri geçiriler.

Ertir bolsa, 800 töweregi esgeriň gatnaşmagyndaky ýer üstündäki harby türgenleşikleri geçirmeklik göz öňünde tutulýar.

23-nji noýabrda Demirgazyk Koreýanyň dawaly Ýenpýong adalaryna top oklaryny atmagy sebäpli sebitdäki ýagdaýlar dartgynly bolmagynda galýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG