Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Sammiti açylýar


Şu gün Stambulda Türkiýäniň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Pakistanyň, Owganystanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň liderleriniň we ýokary derejeli resmileriniň Sammiti açylýar.

Regionyň 10 döwleti Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna agza bolup durýarlar. Sammite gatnaşýan liderleriň arasynda Pakistanyň prezidenti Ali Zardari we Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý hem bolar diýlip garaşylýar.

Türkmen mediasynyň ýazmagyna görä, prezidentiň tabşyrygy bilen bu maslahata Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Tuwakmämmet Japarow gatnaşar.

Bu Sammitiň çäklerinde Eýranyň resmileri türkiýeli resmiler bilen duşuşarlar we Tähranyň ýadro programmasy barada gepleşik geçirerler diýlip garaşylýar. Indiki aý hut şu mesele barada Eýranyň we dünýäniň iri alty döwletiniň wekilleri Stambulda duşuşarlarlar.
XS
SM
MD
LG