Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

B.Netenýahu palestinliler bilen ylalaşyga bil baglaýar


Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netenýahuwyň aýtmagyna görä, eger-de dawaly Ysraýyl-Palestin gepleşiklerinde möhüm meseleler boýunça ylalaşyga gelmek başratmasa, onda çykalga hökmünde wagtlaýyn ýaraşyk ylalaşygyna gol goýlup hem bilner.

"Eger-de biz Palestina bilen gepleşiklerde Ierusalimiň dawaly territoriýalary we palestinaly bosgunlar baradaky meseleler boýunça ylalaşyp bilmesek, onda çykalga hökmünde wagtlaýyn ylalaşyga gol goýlup bilnerdi. Bu mümkin, men bu mümkinçiligi aradan aýyrmaýaryn” diýip, Netenýahu Ysraýylyň telewideniýesinde çykyş etdi.

Eýýäm ençeme ýyllaryň dowamynda Ierusalimiň dawaly gündogar territoriýalary we Ysraýylyň giňeldilmegi zerarly emele gelen palestin bosgunlarynyň ykbaly bilen bagly meseleler sebäpli ýaraşyk ylalaşygyna henizem gelmek başardanok.
XS
SM
MD
LG