Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaçinskiý ekspertleriň gelen netijesini ret etdi


Smolenskiniň eteginde uçar betbagtçylygynda heläk bolan Polşanyň prezidenti Leh Kaçinsikiniň dogany we “Hukuk we adalat” partiýasynyň lideri Ýaroslaw Kaçinskiý uçaryň ýykylmagynyň sebäpleri boýunça Döwletara awiasiýa komitetiniň ekspertleriniň gelen netijesini ret etdi.

Ýaroslaw Kaçinskiý ony “düýbünden bir taraply we subutnamasy bolmadyk spekulýasiýalara esaslanýan” diýip atlandyrdy.

“Bu hasabat Polşanyň üstünden gülmek. Eger Donald Tuskuň we onuň hökümetiniň hiç bir aklap bolmajak pozisiýasy bolmadyk bolsa, bu mümkin iş däl” diýip, Kaçinskiý aýtdy.

Döwletara awiasiýa komitetiniň gelen netijesine görä, geçen ýylyň 10-njy aprelinde Tu-154 uçary başga bir aerodroma gonmak teklibinden ekipažyň ýüz öwürmegi netijesinde betbagtçylyga uçrapdyr.

Polşanyň prezidentiniň uçaryndaky 96 adamyň ählisi heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG