Ýewropa Parlamenti Merkezi Aziýa ýurduny Ýewropa Bileleşigine golaýlatmak üçin gaza baý Türkmenistan bilen Hyzmatdaşlyk şertnamasyna başlangyç ýaşyl çyrany ýakdy.
Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistan Partnýorluk we Hyzmatdaşlyk Şertnamasyna (PHŞ) baryp 1998-nji ýylda gol çekipdi. Emma bu şertnamanyň güýje girmesi ýurtdaky nämälim syýasy ýagdaý hem adam hukuklary aladalary sebäpli uzak wagtlap gijikdirilip gelindi.
Ýewropa Parlamentiniň Daşary gatnaşyklar komiteti düýn bu şertnamanyň güýje girmegini goldaýan rezolýusiýa we teklip boýunça bir karar kabul etdi. Bu karar maý aýynda, parlament delegasiýasynyň Türkmenistana saparyndan soň, aýgytly görnüşdäki doly ses berişlige alyp gelmeli.