Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsürde hökümet-oppozisiýa gepleşikleri başlandy


Müsürde häkimiýetler bilen oppozisiýa wekilleriniň arasynda gepleşikler başlandy. Bu barasynda Frans-press agentligi habar berdi.

Gepleşiklere wise-prezident Omar Süleýmany, dürli oppozision fraksiýalaryň, şol sanda gadagan edilen, emma örän täsirli “Musulman doganlygy” yslam hereketiniň wekilleri gatnaşýar.

Öz gezeginde hökümet mart aýynyň başynda konstitusion reformalar boýunça komitet döretmek ylalaşygyna gelnendigini, şeýle-de hökümete garşy aksiýalara gatnaşyjylaryň yzarlanmajakdygyny, metbugat azatlygynyň berjaý ediljekdigini aýdýarlar.

Şol bir wagtda-da Hosni Mubaregiň reformalar döwri häkimiýet başynda galýandygy nygtalýar.

Oppozisiýa wekilleri Omar Süleýmany bilen gepleşiklerde onuň özüni pozitiw alyp barandygyny, ýöne öz talaplaryny ýerine ýetirmek üçin anyk hiç zat etmändigini aýdýarlar.

Kairiň merkezindäki Tahrir meýdanynda 13-nji gün protest aksiýalary dowam edýär. Olar Mübäregiň iş başyndan çekilmegini talap edýärler.

Kairiň Rana atly ýaşaýjysy şeýle diýdi: “Biz hristianlar hem musulmanlar – müsürliler. Biz halk üçin özgerişler, azatlyk we adalat isleýäris”.

Halkara jemgyýetçiligi prezident Hosni Mubarege gysyşy güýçlendirip, onuň režiminiň eglenmezden demokratik özgerişler geçirmegine aýak direýär.
XS
SM
MD
LG