Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň Tahrir meýdançasyndaky protestler dowam edýär


Müsürli demonstrantlar protestleriň ýaýbaňlandyrylmagyna, şeýle-de anna güni prezident Hosni Mubaregiň häkimiýetden çetleşmegi üçin oňa basyş edilmegine çagyryş etdiler.

Ýüzlerçe müsürliler heniz hem paýtagt Kairiň Tahrir meýdançasynda Mubaregiň wezipesinden gitmegini talap edýärler. Şeýle-de olar “Tä režim dargaýança, biz gitmeris, biz ýatmarys” diýen şygarlary gygyrýarlar.

Mubarek sentýabr aýynda saýlawlar geçirilýänçä häkimiýetden gitmejekdigini aýdýar.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň berýän maglumatlaryna görä, 25-nji ýanwarda Müsürdäki protestler başlanany bäri 300 töweregi adam ölüpdir.

Müsürdäki protestleriň her güni ykdysadyýete 310 million dollarlyk zyýan ýetirýär.
XS
SM
MD
LG