Sişenbe güni Britaniýanyň sudy «WikiLeaks» internet saýtyny esaslandyryjy Julian Assanjy Şwesiýa ekstradisiýa etmelimi ýa etmeli däldigi baradaky mesele boýunça hepdäniň anna güni gutarnykly diňlenişigiň boljakdygyny mälim etdi.
Sudýa Howard Riddl bu mesele boýunça soňky iki günüň dowamynda geçirilen diňlenişigiň gutarnykly karar kabul etmek üçin ýeterlik bolmandygyny aýtdy.
Şwesiýanyň häkimiýetleri Julian Assanjy Şwesiýada iki sany aýala jynsy taýdan el gatanlykda aýyplap, onuň Britaniýadan ekstradisiýa edilmegini talap edýärler. Julian Assanjyň özi bu aýyplamalary ret edýär.
Onuň aklawçylary Assanjyň Şwesiýa ekstradisiýa edilen halatynda onuň Şwesiýadan Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edilmeginiň we ol ýerde-de oňa Birleşen Ştatlaryň gizlin diplomatik dokumentlerini jemgyýetçilige äşgär edendigi üçin agyr jezalaryň berilmeginiň mümkindigini aýdyp, bu ýagdaýa alada bildirýärler.