Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garlyk şäherçesinden ýerli Geňeşe saýlaw geçirildi


Ýekşenbe güni Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda düýbi tutulan Garlyk şäherçesiniň ýerli Geňeşine agzalaryň saýlawlary boldy diýip, TDH gullugy ýazýar.

Bäş saýlaw okrugyndan her orun üçin iki kandidat bäsleşdi.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň maglumatyna görä, saýlawlara gatnaşyk 93%-den gowrak bolupdyr.

Sesler sanalandan soň Geňeşiň saýlanan agzalarynyň sanawy ýerli metbugatda çap ediler.

Türkmenistanyň prezidentiniň kararyna laýyklykda, Garlyk şäherçesine zerur bolan sosial-durmuş, senagat, inžener-aragatnaşyk infrastrukturalar dörediler.

Şäherçäniň ýaşaýjylary Interneti goşmak bilen aragatnaşygyň häzirki zaman serişdelerine eýe bolarlar. Ýakyn geljekde şäherçe şäher statusyny alar diýip, TDH gullugy habar berýär.
XS
SM
MD
LG