Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putiniň Belgiýa iki günlük resmi sapary başlandy


Şu gün Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putiniň Belgiýa iki günlük iş sapary başlandy.

Putin Orsýetiň hökümet agzalarynyň Ýewrokomissiýanyň wekilleri bilen nobatdaky duşuşygyna gatnaşar, şeýle-de Ýewrokomissiýanyň başlygy Žoze Manuel Barroso we ÝB-niň prezidenti Herman wan Romuý bilen gepleşikler geçirer.

Esasy üns täze Orsýet-ÝB ylalaşygy, Orsýetiň Bütindünýä söwda guramasyna goşulmagy, energetika pudagynda hyzmatdaşlyk meselelerine berler.

Şengen zolagyna girýän ýurtlara Kaliningrad oblastynyň ýaşaýjylary üçin wizasyz režim girizmek meselesiniň maslahatlaşyljakdygy çak edilýär.

Gepleşiklerden soň dokumentlere gol çekişmek planlaşdyrylmaýar.
XS
SM
MD
LG