Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň premýeri ministrlere özgerişlik üçin 100 gün berýär


Yragyň premýer-ministri müňlerçe protestçi köçä çykyp, has gowy jemgyýetçilik hyzmatyny talap edenden soň, ministrlere işlerini gowulandyrmak üçin 100 gün möhlet berýändigini aýtdy.

Anna güni hökümet binalaryna tarap ýöriş eden protestçiler howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşdylar we zorluk netijesinde 14 adam öldi.

Premýer-ministr Nury al-Maliki ýekşenbe güni öz hökümetine her bir ministrligiň işiniň seljeriljegini we zerur bolsa ýolbaşçylaryň çalşyryljagyny aýtdy.

Protestçiler 4-nji martda dawaly parlament saýlawynyň bir ýyllygyna gabat täze demonstrasiýa geçirmäge çagyrdylar.

Hukuk toparlary premýer-ministre protestçilere garşy ulanylan zorlugyň derňelmegi üçin basyş edýärler.
XS
SM
MD
LG