Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze Zelandiýada ýurt boýunça hatyra çäresi geçirildi


Geçen hepdede Täze Zelandiýada bolan güýçli ýer yranmada ölenleriň hatyrasyna sişenbe güni ýurtda hatyra çäresi geçirildi.

Şonuň bilen baglylykda, ýer yranmanyň takyk dörän wagtynda ýurt boýunça iki minut dymyşlyk yglan edildi.

Berilýan maglumata görä, bu heläkçilikde 145 adam ölüpdir. Emma resmiler ölenleriň sanynyň 240-a ýetmek ähtimallygyna howatyrlanma bildirýärler.

Kraýstçörç şäherinde 6,3 balla deň bolan ýer yranamsy sebäpli, şäher binalarynyň köpüsi ýykyldy.

Täze Zelandiýnayň premýer-ministri Jon Keýiň aýtmagyna görä, bu heläkçiligiň zyýany ýurt üçin 15 milliard dollar çemesi bolup biler.
XS
SM
MD
LG