Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýanyň paýtagty Tripolide oppozisiýa köçelere çykdy


Liwiýanyn paýtagty Tripolide Muammar Kaddafiniň garşydaşlaryndan ýüzlerçe adam köçelere çykdy we liwiýa lideriniň häkimiýetden çekilmegini talap etdi.

Bir hepde mundan öň Tripolide häkimiýetler demonstrasiýaçylary dargatmak üçin güýç ulanypdy.

Liwiýanyn gündogarynda Kaddafiniň güýçleri bilen gozgalaňçylaryň arasynda çaknyşyklar dowam edýär.

Kaddafiniň garşydaşlarynyň pozisiýalaryna howadan ýene-de zarba urlandygy habar berilýär.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama penşenbe güni Waşingtonda eden çykyşynda: “Öz garşydaşlary bilen bagly geçiren gazaply repressiýalaryndan soň Kaddafi kanunylygyny ýitirdi, ol gitmeli” diýdi.

“Liwiýada ýagdaýyň diňe ýaramazlaşmak howpy bar, ol täze pidalara getirip biler. Biz bolup geçýän wakalary dykgat bilen yzarlaýarys. Wakalaryň ösüşi hem gumanitar ýagdaý ýaramaz tarapa üýtgese, ABŞ-nyň çalt herekete geçmäge ukyplydygyna ynandyrýaryn” diýip, Barak Obama aýtdy.

Günbatar döwletleri liwiýa konfliktine harby taýdan goşulyşmagy häzirlikçe zerur hasaplamaýarlar.

Liwiýa konfliktinde pida bolanlaryň sany, dürli maglumatlara görä, ýüzlerçe, hat-da müňlerçe.
XS
SM
MD
LG