Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemende protestler dowam edýär, ýagdaýlar dartgynlaşýar


Ýemende ýagdaýlar dartgynlaşýar. Duşenbe güni ýurduň harbylary paýtagt Sananyň köçelerine çykaryldy.

Ýemeniň beýleki şäherlerinde-de protestleriň geçirilýändigi habar berilýär.

Ýemeniň Marib welaýatynda polisiýanyň protestçilere garşy ot açmagy sebäpli azyndan 30 adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

Ýurduň Jawf welaýatynda-da polisiýa protestçileri dargatmak üçin ýaraglardan ot açdy.

Ýemende fewralyň ortalaryndan bäri protestler geçirilýär. Protestçiler ýurduň prezidenti Ali Abdullah Salehiň häkimiýetden gitmegini talap edýärler.

Prezident Saleh ýurda 32 ýyl bäri baştutanlyk edip gelýär.

Protestler başlanany bäri 30 töweregi adamyň öldürlendigi habar berilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG