Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewrobileleşik Belarusa garşy täze çäreleri görer


Ýewropa Bileleşik wiza berilmeli däl we hasaplary doňdurylmaly belarus çinownikleriniň sanawyny giňeldip biler.

Bu mesele şu gün Brýusselde ÝB-e agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň duşuşygynda serediler.

Duşuşykda Belarusyň ençeme döwlet kärhanalaryna we kompaniýalaryna garşy ykdysady sanksiýalar girizmek meselesine serediler.

ÝB-niň resmi wekili Maýa Kosýançiç Bedarusdaky syýasy tussaglaryň ählisini azat etmek boýunça Brýusseliň tagalla edýändigini aýtdy.

Geçen ýylyň dekabrynda bolan prezident saýlawlaryndan soň oppozisiýanyň protest aksiýasyny häkimiýetler güýç bilen dargadypdy we ençeme adamy tussag edipdi.

Eýýäm ýanwar aýynda ÝB Minskiniň garşysyna birnäçe sanksiýa girizipdi.
XS
SM
MD
LG