Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Ierusalimdäki partlama gazaply jogap berer


Ýurtda tertip-düzgüni we asudalygy goramak üçin Ierusalimde bolan partlama Ysraýyl gazaply hem jogapkärçilikli jogap berer diýip, Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahu öten agşam gepleşikler geçirmek üçin Moskwa ugramazynyň öňýany aýtdy.

Terakt bilen bagly uçaryň uçuşy dört sagat yza süýşürildi.

Moskwada Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Netanýahu bilen gepleşiklerinde Ýakyn Gündogar konfliktini parahatçylykly kadalaşdyrmagyň perspektiwalary maslahat ediler.

Liwiýadaky hem Müsürdäki ýagdaýlara aýratyn üns berler.

Ierusalimiň merkezi awtowokzalynda bolan partlamanyň netijesinde bir aýal ölüp, 35 töweregi adam ýaralandy.

2004-nji ýyldan bäri Ierusalimde bolan ilkinji partlamanyň jogapkärçiligini Ysraýylyň häkimiýetleri palestin söweşijileriniň üstüne atdy.

Palestin awtonomiýasy bu terakty ýazgardy.
XS
SM
MD
LG