Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus oppozisioneri Mihalewiç Çehiýadan başpena aldy


Belarusyň prezidentligine öňki kandidat Alekseý Mihalewiç Çehiýadan syýasy başpena aldy. Bu barasynda ençeme köpçülikleýin habar serişdeleri habar berdi.

Belarusda Mihalewiç geçen ýylyň 19-njy dekabrynda geçirilen prezident saýlawlaryndan soň şol gün gurnalan bidüzgünçilikler diýen iş boýunça aýyplanýar.

Başga ýere gitmezlik barada dilhat alyp, ony 19-njy fewralda KGB-niň derňew izolýatoryndan çykardylar, şondan soň Mihalewiç KGB-de deslapky derňew wagty gynamalara sezewar edilendigini gürrüň berdi.

14-nji martda Mihalewiç öz Internet saýtynda “belarus KGB-siniň elýeterinden daşdadygyny” yglan etdi. Şondan soň Çehiýanyň daşary işler ministri Karel Şwarsenberg Mihalewiçiň Çehiýadan syýasy başpena sorandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG