Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zardari: Ladeniň öldürilmegine Pakistan gatnaşmady


Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari Osama bin Ladeniň öldürilmegi boýunça geçirilen operasiýa Pakistanyň gatnaşmandygyny mälim etdi.

Bu barada “Washington Post” gazetinde çap edilen maglumatda Pakistanyň prezidentine salgylanylyp, Osama bin Ladeniň Pakistanyň Abbottabat şäherinde ýaşandygy barada ýerli häkimiýetleriň habarynyň bolmandygy aýdylýar.

Şol bir wagtda-da prezident Zardari Pakistan bilen ABŞ-nyň onlarça ýyl dowam edýän hyzmatdaşlygy netijesinde dünýa howp abandyran Osama Bin Ladeniň öldürilendigi aýydypdyr.
XS
SM
MD
LG