Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda iki amerikan raýatynyň sud diňlenişigi gaýra süýşürildi


Eýranda içalyçylykda aýyplanyp, tussaglykda saklanýan iki amerikan raýatynyň sud diňlenişigi gaýra süýşürildi.

Sud häkimiýetleri indiki diňlenşigiň geçiriljek wagtyny mälim etmediler.

Tussaglykdaky amerikanlaryň aklawçysy Masowud Şafeýi Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugyna şeýle diýdi: "Şeýn Baueriň we Joş Fatalyň türmeden sud zalyna getirilmändigi üçin, sud diňlenişigi gaýra süýşürildi. Men eýýäm ikinji sapar şeýdilip, sud diňlenişiginiň gaýra süýşürilýändigine gynanýaryn. Ilkinji sud diňlenişigi 2010-njy ýylyň 6-njy noýabrynda geçirilmelidi, şol wagt hem olar Şeýni we Joşy sud zalyna getirmediler”.

Şeýn Bauer, Joş Fattal we Sarah Şourd 2009-njy ýylda Yrak tarapdan geçip, Eýranyň serhedini bozanlykda aýyplanyp, tussag edilipdiler.

Şourd geçen ýylyň sentýabrynda girewine pul goýmak esasynda tussaglykdan boşadylypdy we yzyna – Birleşen Ştatlara dolanypdy. Ol häzir suduň öňüne çykmak üçin, Tährana dolanmajakdygyny aýdýar.

Amerikan raýatlarynyň üçüsi hem içalyçylyk etmändiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG