Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liwiýanyň oppozision wekilleri ABŞ-a bardylar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamanyň administrasiýasy Liwiýanyň oppozision wekillerini Ak Tama çagyrdy.

Liwiýanyň Milli geçiş geňeşiniň ýolbaşçysy Mahmud Gibril we geňeşiň beýleki wekilleri milli howpsuzlyk boýunça maslahatçy Tom Donilon, şeýle-de Kongresiň agzalary bilen duşuşyk geçirerler.

Delegasiýanyň programmasynda prezident Obama bilen duşuşyk ýok.

Mahmud Gibril Ak Tamda geçiriljek duşuşykdan öň, Birleşen Ştatlary Liwiýanyň Milli geçiş geňeşini ykrar etmäge çagyrdy.

Liwiýanyň Milli geçiş geňeşi ýurdy uzak wagtlap dolandyryp gelýän Muammar Kaddafiniň syýasatyna garşy çykýar.
XS
SM
MD
LG