Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda türmeden gaçan söweşiji öldürildi


Täjigistanyň hökümet güýçleriniň aýtmagyna görä, ýekşenbe güni olar geçen ýyl türmeden gaçan söweşijini öldüripdirler.

Içeri işler ministrliginiň resmileri Juma Ibragimowyň 14-nji maýda Raşt jülgesinde öldürilendigini aýtdylar.

Ibragimow gadagan edilen “Özbegistanyň Yslam hereketi” atly topara agza bolanlykda aýyplanypdy. Ol terror topary hasaplanýar.

Ibragimow 2010-njy ýylyň awgustynda berk howpsuzlykda saklanýan türmeden gaçan 25 tussagyň biridi.

Täjik hökümeti tussaglaryň aglabasynyň ele salnandygyny ýa-da öldürilendigini habar berýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG