Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanly žurnalist 3 ýyldan soň azatlyga çykdy


Gazagystanly žurnalist 3 ýyllyk türme möhletini geçirenden soňra, 17-nji maýda azatlyga çykdy. Ol özüniň syýasy matlap bilen türmä basylandygyny we abraýyny goramak üçin göreşjekdigini aýdýar.

“Kanun we adalat” hepdeliginiň baş redaktory Tokbergen Abiýew 2008-nji ýylda 3 ýyl türme tussaglgyna höküm edilipdi. Ol bikanun ýol bilen maliýe polisiýasynyň maglumatyny almak üçin, onuň resmisine para berenlikde aýyplandy.

Abiýewiň sişenbe güni Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol bu jenaýat işi žurnalistik derňew işlerini togtatmak isleýän resmiler tarapyndan gurnalan diýip oýlanýar.

Abiýew öz kärdeşi Oralkaýşa Omarşanowanyň dereksiz ýitmeginiň sebäplerini anyklamaga synanyşjakdygyny hem sözüne goşdy.

“Kanun we adalat” hepdeliginiň belli žurnalisti Omarşanowa 2007-nji ýylyň martynda dereksiz ýitipdi. Ol ýurduň Molowodnoýe obasynda çeçenleriň we gazaklaryň arasynda bolan adam pidaly etnik çaknyşyk barada žurnalistiki derňew geçirýärdi.

Omarşanowa şol etniki çaknyşygyň we jenaýatçy hasaplanýan Sagit Şakputowyň 2006-njy ýylda öldürilmeginiň arasyndaky baglanyşyk boýunça hem işleýärdi.
XS
SM
MD
LG