Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistanyň harby-deňiz bazasyna hüjüm edildi


Pakistanyň Karaçidäki harby-deňiz bazasyna edilen hüjümde azyndan 5 adamyň ölüp, 10 çemesi adamyň ýaradar bolandygy aýdylýar.

Ýekşenbe güni agşamlyk başlanan hüjümiň 5 sagatdan gowrak dowam edip, "Mehran" bazasynda şu gün irden hem söweşiň ýatmandygy habar berilýär.

Resmiler baza hüjüm eden jeňçileriň 15 töweregi ýaragly adamdan ybaratdygyny aýdýarlar.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” öz üstüne aldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG